Ýurduň Prezidentiniň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Sloweniýa Respublikasyna resmi sapary bellenildi

11:1109.05.2015
0
2902

Ýakyn wagtda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky ýurduň Hökümet wekiliýetiniň Sloweniýa Respublikasyna resmi sapary bellenildi. Türkmen Lideriniň dostlukly ýurda bu sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka öwrüler. Şol gatnaşyklar soňky döwürde täze ösüşe eýe boldy.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň iýul aýynda Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary boldy, onuň barşynda taraplaryň türkmen-slowen hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidigi tassyklanyldy. Nobatdaky ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri, uzakmöhletleýin esasda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.

Häzirki wagtda Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şol strategiýa bolsa oňyn Bitaraplyk we deňhukukly, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri esasynda guralýar. Şeýle hem geljekki sapar we ýokary derejedäki gepleşikler ýola goýlan Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň