Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda transmilli howplara garşy durmak boýunça okuwlar geçirildi

17:2604.05.2015
0
3692

Serhetde barlag geçirmek we ýüze çykarmak boýunça Türkmenabatda geçirilen okuwlara hukuk goraýjy edaralaryň 17 işgäri gatnaşdy.

Bäş günlik usuly-amaly okuwlara Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet Serhet gullugynyň we Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goramak boýunça gullugynyň işgärleri gatnaşdylar. Okuwlaryň maksady oňa gatnaşyjylaryň neşe serişdelerini we psihotrop maddalary ýüze çykarmakda hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

—Transmilli, aýratyn-da, guramaçylykly jenaýat bilen baglanyşykly howplar ÝHHG-niň gün tertibinde esasy orunda bolmagynda galýar. Sebitiň ýurtlarynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda ÝHHG öňdäki orunlary eýelänsoň, bu guramanyň Aşgabatdaky merkezi hem dürli transmilli howplaryň öňüni almagyň häzirki zaman usullaryny alyşmak boýunça çäreleri geçirip gelýär — diýip, merkeziň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Riçard Uiler aýtdy.

Bilermenler adamlary we olaryň şahsy goşlaryny, dürli ulag serişdelerini hem ýük konteýnerlerini barlamagyň, şeýle hem gatnaşyksyz tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklaryny düşündirdiler.

Şeýle hem okuwlara gatnaşyjylar “Farap” gözegçilik barlag punktunda usulyýetde öwrenenlerini amalyýetde synagdan geçirdiler.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň