Azerbaýjan SOKAR döwlet nebit kompaniýasy 2015-nji ýylda 1 milliard dollar töweregi maýa goýumlaryny goýar

0
638
1
0

Azerbaýjanyň SOKAR döwlet nebit kompaniýasy 2015-nji ýylda öz taslamalary üçin bir milliard dollar töweregi maýa goýumlaryny goýar. Bu barada SOKAR-yň ykdysady meseleler boýunça wise-prezidenti Süleýman Gasymow žurnalistlere habar berdi.

“Maýa goýumlary SOKAR-yň Azerbaýjanda amala aşyrylýan taslamalaryna gönükdiriler. Hususan-da, bu serişdeler täze ýataklarynda buraw işlerini geçirmäge, gaz turba geçirijilerini çekmäge, gazlaşdyrmak işlerini amala aşyrmaga... niýetlenilendir. Munuň özi kadaly derejede nebit we gaz çykarmagy dowam etdirmek maksady bilen edilýär” — diýip, Gasymow aýtdy.

Döwlet nebitgaz kompaniýasy ýurtda nebit önümlerini öndürýän ýeke-täk kompaniýa bolmagynda galýar (Garamagynda nebiti gaýtadan işleýän iki zawody bar). Şeýle hem Azerbaýjanda, Gruziýada, Ukrainada, Rumyniýada, Şweýsariýada ýangyç guýujy stansiýalary işleýär.

SOKAR “Petkin” iri türk nebithimiýa toplumynyň we Türkiýäniň beýleki antiwleriniň bilelikdäki eýesi bolup durýar. Şeýle hem kompaniýa häzirki wagtda Azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermegiň çäklerinde iş alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda “Şah deňiz” gaz ýatagyny peýdalanmagyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde, Günortakawkaz gaz geçirijisini giňeltmek boýunça işler geçirilýär, Transanatoliý we Transadiatik gaz geçirijileriniň taslamalary işlenip taýýarlanylýar.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru