Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna ugraýar

0
799
0
0

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna ugraýar.

Öňde boljak ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleriniň barşynda durmuş-ykdysady ösüşi göz öňünde tutmak bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlary kesgitlener. Garaşylyşy ýaly, duşuşygyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny has-da giňeltjek ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler.

Bu ugurda söwda-ykdysady, ylym we tehnologiýa boýunça hyzmatdaşlyk baradaky Hökümetara türkmen-koreý toparynyň işi uly ähmiýete eýedir. Bu toparyň nobatdaky mejlisi Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde 12-nji aprelde Tegu şäherinde öz işine başlajak VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşar.

Türkmen Lideriniň döwlet we hökümet baştutanlarynyň, şeýle hem iri halkara guramalarynyň köpüsini bir ýere jemlejek dünýä möçberindäki foruma çagyrylmagy suwy netijeli peýdalanmak meseleleri boýunça sebit we halkara gatnaşyklaryny ýola goýmaga ägirt uly goşant goşýan Türkmenistanyň uly abraýa eýedigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru