Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Hökümetara utgaşdyryjy suw hojalygy toparynyň mejlisi geçirildi

00:3005.04.2015
0
2404

4-nji aprelde Aşgabatda Hökümetara utgaşdyryjy suw hojalygy toparynyň 66-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine Orta Aziýa ýurtlarynyň: Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem Araly halas etmek baradaky Gaznanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Hökümetara suw hojalygy toparynyň agzalary suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmak ýaly, tutuş sebit üçin möhüm meseläni çözmäge gönükdirilen gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde kanagatlanma bildirdiler.

Hususan-da, mejlisde 2014—2015-nji ýyllaryň ösüşara döwrüniň netijeleri, Amyderýada we Syrderýada şu ýyl üçin gatly çäklendirmeleri we suw howdanlaryny akym işleriniň kadasy tassyklanyldy. Aral deňzi howdanynyň toplumlaýyn dolandyrylyşyny, ulanylmagyny we suw baýlygynyň goraglylygy habar-seljeriş taýdan üpjün etmek bilen baglanyşykly hökümetara Ylalaşygynyň taslamasy hem-de hökümetara habar alşygyny guramak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň