Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ýaşaýyş toplumy gurulýar

08:4625.03.2015
0
3340

Paýtagtyň, Köşiniň gündogar böleginde geçen ýylyň başynda badalga berlen täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy depginli dowam etdirilýär. Häzire çenli bu ýerde eýýäm 32 jaýyň boýy ýetirildi.

Şu günler olarda abatlaýyş we abadanlaşdyryş işleri dowam etdirilýär. Otaglarda häzirki zaman durmuş hyzmaty enjamlary oturdylýar, mebel önümleri goýulýar. Şeýle hem ýanaşyk çäkler abadanlaşdyrylýar.

Ýaşaýyş jaýlarynyň ýene 5-siniň 1-4-nji gatlarynda demirbeton işleri alnyp barylýar. Bu ýerde jemgyýetçilik maksatly desgalaryň hem 3-siniň, şol sanda orta mekdebiň binasynyň boýlary ýetirildi. Çagalar baglarynyň 2-niň gurluşygynda kerpiç örmek işleri dowam etdirilýär.

Umuman, gurluşygyň meýilnamasyna laýyklykda, täze ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş we jemgyýetçilik maksatly desgalaryň 42-si, şol sanda 1—4 otagly, 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 37-si gurlar. Olaryň köpüsiniň birinji gatynda azyk we senagat harytlary dükanlary ýerleşer. Ýaşaýyş toplumynda 600 orunlyk mekdebiň we hersi 160 orunlyk çagalar baglarynyň 4-siniň gurluşygy hem göz öňünde tutulandyr. Çagalar baglarynyň 2-si eýýäm geçen ýylda gurlup, ulanylmaga berildi.

Ýaşaýyş we jemgyýetçilik desgalaryň ýanaşyk çäklerini abadanlaşdyrmagyň çäklerinde awtoduralgalary, çagalar we sport meýdançalaryny, şeýle-de, medeni-köpçülik çärelerini geçirmäge niýetlenen meýdançalaryny gurmak bellenilýär. Mundan başga-da, bu ýerde ýaprakly we pürli agaçly, töwereklerine gül ekilen ýaşyl seýilgäh zolagy dörediler.

Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň Baş meýilnamasy şäher häkimliginiň “Aşgabattaslama” institutynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy. Gurluşygy ýerli we türk kompaniýalarynyň 11-si alyp barýar.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy şäheriň bu böleginde alyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleriniň üçünji tapgyry boldy.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň