Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde nutuklary guraýar

0
516
0
0

Aşgabat, 16.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly senesi, şeýle hem 2015-nji ýylyň Türkmenistanda “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dostlukly döwletiň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan nutuklary meýilleşdirdi diýip, Trend Az habar berýär.

2015-nji ýylyň 12-nji martynda Azerbaýjanyň “ADA” uniwersitetinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi Toýly Kömekow dürli ýurtlardan 2015-nji ýylyň 1—15-nji marty aralygynda bu ýerde ýörite okuw geçýän ýaş diplomatlaryň öňünde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan nutuk bilen çykyş etdi. Ýaş diplomatlar Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, şeýle hem TÝURKPA-nyň wekilleri we daşary syýasat edarasynyň işgärleridir.

Çykyş tamamlanansoň, sowal-jogap alşyldy.

13-nji martda bolsa Türkmenistanyň ilçihanasynyň 3-nji sekretary N. Razyjumaýew Azerbaýjanyň Döwlet nebit akademiýasynda talyplaryň öňünde “Bitaraplygyň türkmen nusgasy” diýen nutuk bilen çykyş etdi. Çärä bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplary bilen birlikde Azerbaýjan Respublikasynyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň we Gyrgyz Respublikasynyň talyplary gatnaşdylar.

Soňra nutuk boýunça sowal-jogap alşyldy.

Şeýle çäreleri dostlukly ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde hem geçirmek bellenilýär.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru