Baharda bellenilýän Nowruz baýramynyň hormatyna guralýan sergi

0
930
0
0

Aşgabat, 13.03.2015. “Türkmenportal”.

12-nji martda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ajaýyp bahar baýramy bolan Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda döredijilik sergisi guraldy. Bu sergini akademiýanyň mugallymlary — Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedow bilen zehinli suratkeş Diloram Ýakubowa guradylar.

Indi üç ýyldan gowrak wagt bäri akademiýada ýaş suratkeşleriň sergisi guralýar. Bu sergide hem Çeperçilik akademiýasynyň zehinli mugallymlarynyň we gelejegine umyt bildirilýän talyplaryň ýüzden gowrak işleri tomaşaçylara hödürlenildi.

Serginiň öz öňünde goýan esasy maksady türkmen topragynyň köp öwüşginli baý we täsin tebigatyny sungatyň ähli görnüşleriniň üsti bilen, mysal üçin, žiwopisde, grafikada, miniatýurada, heýkeltaraşlykda, keramikada, gobelende we beýlekilerde açyp görkezmekden ybarat boldy.

Baýramçylyk sergisiniň esasy temasy — bu Nowruz we onuň bilen aýrylmaz bagly hadysalar: baharyň gelmegi, täze durmuşyň başlanmagy, ýalkymly duýgular we arzuw-umytlar... serginiň esasy işleriniň hatarynda adamlara ýakymly duýgulary, şatlyk we bagt eçilýän gülleri görkezmek bolar. Talyplar Laçyn Baýlyýewanyň, Muhammet Gubyýewiň, Zakirjan Babaýewiň işlerindäki güller owadanlygy bilen bu ýere gelenleri maýyl edýär. Toýly Çopanowyň işi bolsa halky we häzirki zaman aýratynlyklaryny özünde jemleýänligi, bahar öwüşginleri bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Sergi 2015-nji ýylyň martynyň ahyryna çenli öz işini dowam etdirer.

Portalymyzyň okyjylary biziň “fotoreportažlar” rubrikamyzda bahar sergisinde hödürlenen iň gowy işler bilen tanşyp bilerler.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru