Soňky habarlar

Arhiw

Müsürli milliarder Euronews teleýaýlymynyň paýnamalarynyň 53% satyn alar

10:5712.03.2015
0
3015

Aşgabat, 12.03.2015. “Türkmemportal”.

“Müsürli milliarder Nagib Sawiris adybir teleýaýlymy dolandyrýan Euronews SA kompaniýasynyň aksiýasynyň 53 göteriminiň eýesi bolar” diýip, “Lenta.ru” saýty ýazýar.

Geleşik 35 million ýewro barabar bolar. Bu serişdeler öýjükli ulgamlarda teleýaýlymy has-da ösdürmäge täze Afrikannews taslamasyny amala aşyrmaga harçlanar.

Geleşik direktorlar geňeşi tarapyndan goldanyldy, indi ony Ýewro bileleşiginiň hökümetleri tassyklamaly.

Geleşik gelinmänkä teleýaýlyma Ýewropanyň alyp görkezijileriniň 10-sy gözegçilik edýärdi. Olaryň altysyna şol sanda fransuzlaryň Franse Television-syna — 23,93%, Italiýanyň RAI-sine — 21, 54%, Russiýanyň WGTRK-syna — 16,94%, türkleriň TRT-sine — 15, 7% möçberindäki 90 göterim aksiýa degişlidi. Geleşigiň çäklerinde Sawiris tarapyndan Euronews SA-nyň aksiýalarynyň goşmaça gymmatbaha kagyzlary çykarmak işi geçiriler.

Sawiris Müsüriň iň belli işewürleriniň biridir. Ol soňky ýyllarda arap ýurtlarynda, şeýle hem Kanadada işewürlik işiniň örüsini giňeldýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň