TNGIZT-de täze desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar

0
702
0
0

Aşgabat, 28.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda kuwwatlylygy ýylda 3 million tonna nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän desganyň we ýylda 21 müň tonna polipropilen plýonkasyny öndürmäge niýetlenen zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Mundan başga-da, ýokary oktanly awtomobil benzinini öndürmek üçin niýetlenen desgalar toplumy bina edilýär. Onuň düzümine kuwwatlylygy ýylda 250 müň tonna suwuklandyrylan gazdan awtoulag benzini üçin ýokary oktan goşundysyny alýan, 230 müň tonna pes oktanly A-80 benzinini ýokary oktan goşundysyna öwürýän we 2,3 million tonna bolan benzinleri garýan desgalar girýär.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndaky kuwwatlylygy çig mal boýunça ýylda 450 müň tonna göni işlenen benzinden bolan A-95 benzinini öndürýän desganyň durky täzelenýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 300 müň tonna ýol bitumyny we 50 müň tonna gurluşyk bitumyny öndürýän desganyň taslamasyny düzmek we gurluşyk işlerini alyp barmak boýunça halkara bäsleşigi geçirildi. Şeýlelikde, häzir hereket edýän kuwwatlyklar hasaba alnanda, toplumyň zawodlarynda ýol bitumynyň öndürilişi 600 müň tonna, gurluşyk bitumynyň öndürilişi bolsa 56 müň tonna ýetiriler.

Umuman, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gaýtadan işlenýän nebitiň möçberi ýylda jemi 10,5 million tonna ýetiriler. Bu ýerde çig maly gaýtadan işlemegiň çuňluk görkezijisi 95 göterim, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda bolsa 97 göterim ýokarlanar. Ýurdumyz boýunça ýylda jemi 1 million 632 müň tonna kükürtden arassalanan benzin we 3 million 775 müň tonna gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy öndüriler. Olar Ýewro-5 halkara ölçegleriniň talaplaryna laýyk geler.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda sintetiki tehniki ýaglaryň täze görnüşlerini, şol sanda API (ABŞ) ölçeglerine laýyk gelýän ýaglary öndürmek boýunça hem anyk çäreler bellenilýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru