Aşgabat, 22.02.2015 «Türkmenportal».
“Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy” diýip, «Türkmenistan: hepdäniň wakalary» informasion çapary habar berýär.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen ýangyç mazudyny we M-100 kysymly mazudy satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen işewürler tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna polipropilen haltasyny, pagta ýagyny, nah ýüplügi, pagta süýümini, dowarlaryň derisini satyn aldylar. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Täjigistan, Owganystan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 28 million 500 müň dollaryna barabar boldy.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri (TNGIZT–da öndürilen) umumy bahasy 66 müň manatdan gowrak bolan polimer külkesini satyn aldylar.
22-nji fewralyň birža täzelikleri