2015-2016-njy ýyllarda Aşgabady ösdürmegiň Baş meýilnamasy işlenip düzüldi

0
3679
1
0

Aşgabat, 21.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligi ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde paýtagtymyzy ösdürmegiň 2015—2016-njy ýyllar üçin Baş meýilnamasyny işläp düzdi. Meýilnamada göz öňünde tutulan işleriň birinji tapgyry şu ýylyň dowamynda amala aşyrylar we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna çenli tamamlanar, ikinji tapgyryny bolsa 2016-njy ýylda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

2015-2016-njy ýyllarda täze ýaşaýyş jaýlaryny, ýollary gurmak, şaýollaryň we köçeleriň 20-siniň durkuny täzelemek we düýpli abatlamak, ýaşaýyş jaýlarynyň 3600-den gowragynyň, edara binalarynyň 100-den gowragynyň durkuny täzelemek, dürli maksatly täze döwrebap binalary we desgalary, köp gatly awtoduralgalary gurmak, şäheriň energiýa üpjünçilik ulgamyny täzelemek, şeýle hem abadanlaşdyryş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şu günler Aşgabady gurmagyň 14-nji nobatdakysyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde işler alnyp barylýar, 15-nji tapgyryň desgalarynyň taslamalary taýýarlanyldy.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi hem-de oňat ýaşamagy we göwnejaý dynç almagy üçin oňaýly şertleri üpjün etmäge ýardam eder.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru