Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýol bitumyny öndürýän täze tehnologik desga ulanylmaga berildi

0
515
0
0

 Aşgabat, 17.02.2015. “Türkmenportal”.

16-njy fewralda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýol bitumyny öndürjek täze tehnologik desga ulanylmaga berildi. Bu desgany gurmak boýunça taslamany “Westport Trading Europe Limited” (ABª) kompaniýasy amala aşyrdy.Toplum 1,5 gektar meýdanda göwnejaý ýerleşdirildi we döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi.

Taslama boýunça önümçiligiň kuwwatlylygy ýylda 118 müň tonna mazudy gaýtadan işlemek üçin niýetlenendir, şondan her ýylda ýokary hilli nebit-ýol bitumynyň 37,2 müň tonnasy işlenip çykarylar.

Ol Türkmenistanda nebit çig malynyň wisbrekingine degişli amala esaslanýan ilkinji desgadyr, bu desga agyr nebit galyndylaryny, hakykatyna garanyňda, nebit gaýtadan işlenenden soňra artýan galyndylary gaýtadan işlemäge hem-de şondan nebit önümleriniň esasy görnüşlerini öndürmek üçin zerur bolan komponentleri almaga mümkinçilik berýär.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň tehnologik ulgamyna wisbrekingiň goşulmagy bu ýerde işlenip çykarylýan bitumyň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, nebitiň has çuňňur görnüşde gaýtadan işlenmegine we degişlilikde ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliliginiň artdyrylmagyna mümkinçilik berer.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru