Iki ýurtda geçirilen XXVII gyşky Bütindünýä Uniwesiadasy tamamlandy

0
587
0
0

 Aşgabat, 15.02.2015. “Türkmenportal”.

Düýn Granadada iki ýurtda geçirilen XXVII gyşky Bütindünýä Uniwersiadasy tamamlandy.

24-nji ýanwar — 1-nji fewral aralygynda Slowakiýanyň Ştrbsk Pleso we Osrbli gyşky sport görnüşleri merkezlerinde sportuň dört görnüşinde: lyža ýaryşynda, iki görnüşde, tramplinden bökmekde we biatlondan 25 medal ugrunda güýç synanyşyldy. Uniwersiadanyň galan bölegi Ispaniýanyň Granada şäherinde geçirildi. Bu ýerde 4—14-nji fewral aralygynda hokkeý, kýorling, figuralaýyn typmak, snoubord, dag lyžasy, frisyaýl we şort-trek bäsleşikleri ýaýbaňlandyryldy.

Uniwersiadanyň jemleýji gününde erkekleriň arasynda hokkeý ýaryşynyň ýeňijisi mälim edildi. Finalda Russiýanyň talyplar ýygyndysy gazagystanly garşydaşlaryndan 3:1 hasabynda üstün çykdylar.

Şeýlelikde, umumytoparlaýyn hasapda russiýalylar ynamly ýeňiş gazandylar. Olar 54 medal (20 altyn, 16 kümüş, 18 bürünç) gazandylar. 2013-nji ýylda Italiýanyň Trentino şäherinde geçirilen gyşky Uniwersiada bilen deňeşdirilende, Russiýanyň ýygyndy topary eýelän medallarynyň sanyny artdyrmagy başardy. Diňe bir 4 medal artyk bolman, eýsem, iki ýyl mundan ozal gazanylanyndan 5 altyn medal köp gazanyldy (Russiýanyň toparynyň öňki netijesi: 15 altyn, 16 kümüş, 19 bürünç).

Şeýle hem Gazagystanyň ýygyndysynyň üstünligini bellemek gerek. Geçen oýunlarda bu topar umumy hasapda 15-nji bolan bolsa, bu gezek 11 medal eýeläp (5 altyn, 6 kümüş), iň güýçli toparlaryň üçlügini jemledi. Öňki Uniwesiadada üçünji ýeri eýelän Koreýa Respublikasynyň talyplar ýygyndysy bolsa 15 medal (5 altyn, 8 kümüş, 2 bürünç) bilen ikinji orny eýeledi.      

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru