3-nji fewral taryhda

00:1103.02.2015
0
3139

Aşgabat, 03.02.2015.  «Türkmenportal».

2010-njy ýyl — Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň wekilçilikli wekiliýeti Türkmenistanda saparda boldy. Wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi.

1972-nji ýyl — Sapporoda (Ýaponiýa) XI gyşky olimpiýa oýunlary açyldy. XI gyşky olimpiýa oýunlary 1972-nji ýylyň 3-nji fewralyndan 13-nji fewralyna çenli dowam etdi.

1966-njy ýyl — «Луна-9»  atly sowet stansiýasy dünýäde ilkinji bolup Aýa gondy we ol ýerden ilkinji fotopanoramany ugratdy.

1933-nji ýyl — Kembrijde Mondyň laboratoriýasynyň dabaraly açylyşy boldy.

1925-nji ýyl — Uly teatrda görkezilen A.P. Borodiniň “Knýaz Igor” atly operasy radio arkaly eşitdirildi. Şol günden bäri Moskwanyň teatrlaryndaky spektakllary alyp eşitdirmek däbe öwrüldi.

1867-nji ýyl — Musuhito Ýaponiýanyň inperatory boldy (Imperator Meýdzi)

1488-nji ýyl — Bartolemeu Diaş Afrikanyň günorta çäklerine baryp ýetdi.

Ýaponiýa — Sesubun baýramy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň