31-nji ýanwar taryhda

08:1931.01.2015
0
3580

Aşgabat, 31-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

2012-nji ýyl — Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi. Onuň barşynda 12-nji fewralda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlygyň meselelerine garaldy. Mejlise MST-niň, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklary, GDA-dan  Gözegçilik işi boýunça ştabyň ýolbaşçysy, milli gözegçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

1999-njy ýyl — Silent Hill atly oýnuň ýörgünli birinji bölegi çykdy.

1968-nji ýyl — Ýuwaş ummanynyň günorta bölegindäki kiçijik döwletiň — Nauru Respublikasynyň garaşsyzlygy yglan edildi.

1958-nji ýyl — ilkinji “Eksporer-1” amerikan hemrasy uçuryldy.

1943-nji ýyl — Wenada ilkinji gezek R. Ştrausyň “Divertimento, nach François Couperin” operasy ýaňlandy.

1916-njy ýyl — Nižegorodyň döwlet uniwersiteti esaslandyryldy.

1893-nji ýyl — “Koka-Kola” önüm belgisi hasaba alyndy.

1892-nji ýyl — Oslo şäheriniň Holmenkollenindäki lyža tramplininde ilkinji ýaryşlar geçirildi.

1864-nji ýyl — Moskwada Russiýada ilkinji “hemmelere elýeterli zoologiýa bagy” — Moskwanyň haýwanat bagy açyldy.

1729-njy ýyl — Stambulda arap dilinden türkçä terjime edilen ilkinji kitap neşir edilýär. Bu Jöwheriniň düşündirişli sözlügidir.

1714-nji ýyl — Pýotr I Sankt-Peterburgda Kunstkamerany (muzeý gymmatlyklarynyň ýeri) esaslandyrdy.

Halkara zergärler güni     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň