Türkmenistanda Döwlet baýdagynyň baýramyna bagyşlanan medeni çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy

0
1013
0
0

Aşgabat, 25-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

 Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy mynasybetli medeni çäreleriň giň meýilnamasy taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, medeni-sport merkezlerinde, ýurduň paýtagtyndaky we welaýatlaryndaky okuw mekdeplerinde konsertleri, döredijilik duşuşyklaryny, maslahatlary, sport bäsleşiklerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Dabaraly çäreleriň meýilnamasynda Garaşsyz Türkmenistanyň iň uly baýdagy parlap duran flagyştogyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň, belli döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertleri geçiriler. Baýramçylyk dabaralaryny owadan feýerwerkler jemlär. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru