Soňky habarlar

Arhiw

Ilkinji türkmen gämisi Astrahana baransoň, wiza açmak meselesinde ýüz tutýanlaryň sany artdy

00:2921.01.2015
0
4085

Aşgabat, 21-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Hazar deňzi boýunça Türkmenistandan Astrahana ýazda ikinji ýolagçy-ýük gämisiniň barmagyna garaşylýar. Onuň kömegi bilen, astrahanlylar Türkmenbaşa aşyp bilerler. Bu barada “Russkaýa planeta” habar berýär.

20-nji ýanwarda Astrahanyň gubernatory Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly Mekan Işangulyýew bilen duşuşdy. Konsul Türkmenbaşy portundan ilkinji gezek Olýa gelen “Berkarar” gämisiniň getiren ýüki barada gürrüň berdi. Mekan Işangulyýew Funtowo obasyna gurluşyk harytlaryny eltmek gämä beren ýardamlary üçin astrahan taparyna minnetdarlyk bildirdi.

Konsulyň habar bermegine görä, ýakyn wagtlarda okuw edarasynyň gurluşygyna başlanar. 350 okuwçy orunlyk mekdebiň 150 orny mekdebe çenli ýaşly çagalara niýetlenendir. Konsulyň berýän habaryna görä, ilkinji türkmen gämisiniň gelmegi bilen, ýerli ýaşaýjylaryň wiza açyp bermek meselesi boýunça ýüz tutýanlarynyň sany artdy. Bu barada Astrahanyň Gubernatorynyň administrasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň