Soňky habarlar

Arhiw

“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawyň goragy” žurnalynyň 2014-nji ýyldaky soňky sany çapdan çykdy

14:1918.01.2015
0
15517

Aşgabat, 18-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrliginiň “Ekologiýa  medeniýeti we daşky gurşawyň goragy” žurnalynyň 2014-nji ýyldaky soňky sany çapdan çykdy. Bu barada “Türkmenistan: altyn asyr” elektron neşiri habar berýär. Žurnaldaky materiallaryň birnäçesi Hazar deňzine, Hazaryň döwlet goraghanasyna, Hazaryň daşky gurşawyny goramakdaky hyzmatdaşlyga bagyşlanypdyr.

Žurnalyň bu sanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Astrahanda geçirilen Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň IV maslahatynyň netijelerine seljerme berilýär. Türkmenistanda her ýyl geçirilýän Hazar ekologik forumyň ähmiýeti açylyp görkezilýär.

Materiallaryň arasynda deňiz türkmen böleginiň balyk käni, seýrek duş gelýän guşlar, hazar düwleni, Köpetdagyň günorta-günbatarynda ösýän ösümlikler baradaky makalalar hem bar. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň hünärmeniniň teswirlemesi bolsa tebigy baýlyklaryň hasabyny ýöretmegiň alnyp barlyşyna we ekogurluşly hyzmatlara bagyşlanypdyr. Awtor tebigaty goramak ministrliginiň PROON we guşlary goramagyň Karollyk jemgyýeti (Beýik Britaniýa) bilen bilelikdäki taslamasy esasynda Hazar goraghanasynda 2009—2010-njy ýyllarda alnyp barlan inwentar barlagy barada gürrüň berýär.

Şeýle hem žurnalda Hazarýaka çöllükdäki seýrek duş gelýän peýdaly ösümlikler, 2012-nji ýylda kabul edilen Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýaşyl zolaklary döretmek işiniň daşky gurşawy goramakdaky ähmiýeti barada söhbet açylýar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň