«Berkarar» gämisi Astrahan şäherine özüniň ilkinji gatnawyny amala aşyrýar

0
2050
0
0

Aşgabat, 4-nji ýanwar. «Türkmenportal».

«Türkmenistanyň awtomobilleri daşamaga we ýolagçy gatnatmaga niýetlenilen «Berkarar» gämisi Türkmenbaşy şäheriniň deňzi menzilinden Russiýanyň Astrahan şäherine özüniň ilkinji gatnawyny amala aşyrýar» diýip, “РИА Новости” habarlar agentligi türkmen telewideniýesine salgylanyp habar berdi.

Gämi Astrahan oblastynda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýerinde gurmak meýilleşdirilýän orta mekdep üçin gurluşyk materiallaryny alyp barýar. Türkmen telewideniýesiniň habar berşi ýaly, şol mekdep Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlup, ol türkmen medeniýetiniň özboluşly merkezine öwrüler.

«Berkarar» «RO-PAХ» kysymly gämisi Türkmenistanyň söwda flotynyň awtomobilleri daşamaga we ýolagçy gatnatmaga niýetlenilen gämisidir. Ol Horwatiýanyň Pula şäherindäki ULJANIK gami gurluşyk zawodynda Türkmenistanyň sargydy boýunça gurlup, 2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenbaşy şäheriniň portuna getirildi.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça Horwatiýada guruldy. Gämi Türkmenbaşy şäheriniň portuna 2014-nji ýylyň dekabr aýynda geldi. Gämi bir gezekde 200 ýolagçyny we 55 awtomobili äkidip bilýär. 2015-nji ýylda Türkmenistan Horwatiýa sargyt edilip ýasalan şuňa meňzeş ýene bir gämini ediner.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru