Türkmenistanyň Prezidenti parahatçylygy gorap saklamakda Watanymyzyň gaýduwsyz goragçylarynyň ägirt uly goşandyna ýokary baha berdi

0
482
0
0

Aşgabat, 27-nji dekabr. «Türkmenportal». 

26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan we milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň howpsuzlyk we durnukly ösüş esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işleri hakynda habar berdi. Şeýle hem milli Liderimiziň ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanda parahatçylyk we asudalyk ýagdaýyny gorap saklamakda Watanymyzyň gaýduwsyz goragçylarynyň ägirt uly goşandyna ýokary baha berip, döwletimiziň geljekde-de harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlaryna, ilkinji nobatda bolsa harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga we pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň hem olaryň maşgala agzalarynyň durmuş derejesini gowulandyrmaga aýratyn üns berjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, bu ajaýyp baýramçylyga meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru