Ene-atasynyň ornuny Watanymyz tutan çagalaryň baýramçylygy

0
607
0
0

Aşgabat, 2-nji ýanwar. «Türkmenportal».

Täze – 2015-nji ýylyň ilkinji güni Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Döwletliler köşgünde ýaşaýan we bilim alýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşmak üçin bu ýere Milli parlamentiň, käbir ministrlikleriň. köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanyň ähli syýasy partiýalarynyň, ýaşlar, zenanlar we ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Dabaranyň başynda Mejlisiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çagalary Täze ýyl bilen gutlady we olara döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Türkmenistanyň mynasyp raýatlary, ajaýyp Watanymyzyň geljegini döredijiler bolup ýetişmek üçin oňat okamagyň hem-de bilimleri özleşdirmegiň möhümdigi baradaky sargytlaryny gowşurdy.

Soňra Döwletliler köşgünde bilim we terbiýe alýan çagalara milli Liderimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Ajaýyp sowgatlar, ösüp gelýän nesil hakynda edýän ägirt uly, hakyky atalyk aladasy üçin çagalar hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny, mähirli sözlerini we hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler, biziň ýurdumyzyň ähli çagalary hem şeýle alada bilen gurşalandyr.

Soňra baýramçylyk görnüşinde bezelen arçanyň ýanynda täze ýyl tomaşasy başlandy, oňa Aýazbaba, Garpamyk we ertekileriň gahrymanlary bilen bilelikde dabara gelen myhmanlar hem gatnaşdylar.

Megerem, Döwletliler Köşgünde dürli sebäplere görä, ata-enesiz galanlaryň ýaşaýandygyny we okaýandygyny ilkinji gezek eşidenlere muňa ynanmak bir bada kyn düşse gerek. Ata Watanymyz olara hossar çykyp, çagalara abadan durmuşda ýaşamak üçin ähli şertleri döredip, bilim almak, olaryň saglygyny goramak we başga-da birgiden ugurlar bоýunça ähli hukuklarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Çünki ýaş türkmenistanlylaryň ählisi barada içgin alada etmek ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasatda düýpli ähmiýet berilýän ugurlaryň biri bolup durýar.

Hakykatdanam bagtly çagalaryň ýaşaýan döwletinem, döwrünem buýsanç bilen bagtyýarlyk diýip atlandyryp bileris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru