Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürilýär

23:5923.12.2014
1
3459

Aşgabat, 24-nji dekabr. «Türkmenportal».

Ermenistanyň Premýer-ministri Owik Abramýan bilen Türkmenistanyň wise-premýeri Sapardurdy Toýlyýew ermeni-türkmen gatnaşyklaryna ýokary baha berip, iki döwletiň hökümetiniň bilelikdäki tagallasy netijesinde Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ýerewanda guralan ermeni-türkmen hökümetara toparynyň işiniň möhümdigini belläp, taraplar onuň mejlisiniň dowamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

 Söhbetdeşler hökümetara toparynyň mejlisiniň netijeleriniň 2015-nji ýylda şöhlelenjekdigine ynanýandyklaryny aýtdylar. Şol bir wagtyň özünde-de taraplar mundan ozal geçirilen mejlisde öňde goýlan wezipeleriň hemmesiniň ýerine ýetirilendigini we durmuşa geçirilendigini aýratyn nygtap geçdiler.

 Ermenistanyň Premýer-ministri bilen Türkmenistanyň wise-premýeri iki ýurduň söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga mümkinçiliginiň uludygyny belläp geçdiler. Şol maksat bilen taraplar söwda-ykdysady ugurda özara gatnaşyklary ösdürmegiň we bilelikdäki biznes-forumlary yzygiderli gurap durmagyň möhümdigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň