Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Nýuşanyň konserti geçdi

11:1519.12.2014
0
14721

Aşgabat. 19-njy dekabr. “Türkmenportal”.

Düýn Aşgabatdaky Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda rus estradasynyň ýyldyzy, muşdaklarynyň arasynda Nýuşa ady bilen tanalýan Anna Şuroçkinanyň konserti geçirilip, ol uly şowhuna beslendi. Aýdym-sazly agşamyň bütin dowamynda onuň zehininiň türkmenistanly muşdaklary rus estradasynyň ýyldyzyny gyzgyn goldap, göwnüne has ýaran aýdymlary onuň sesine ses goşup bilelikde ýerine ýetirdiler. Ol her gezek sahna çykanda şowhunly el çarpmalar bilen garşylap, “Nýuşa, Nýuşa, Nýuşa...” diýip adyny köpçülik gaýtaladylar. 

Buzly köşge ýygnanan 8 müňden gowrak tomaşaçy aýdymçy gyz Nýuşanyň diňe bir Russiýada däl, eýsem Türkmenistanda hem uly meşhurlykdan peýdalanýandygyny subut etdiler. Konsertden soňra Nýuşa bilen pikir alyşanymyzda ol ençeme gezek aýdym-saz baýraklaryny alandygyny, iň islegli aýdymlaryň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýändigini ýatlap, türkmenistanly muşdaklarynyň şatlykly keşplerini görmegiň özünde has uly täsir galdyrandygyny dile getirdi.

Rus estradasynyň wekilleriniň sahnadan ak mermere beslenen aşgabadyň arassalygyna we gözelligine gözleriniň gidýändigini ýüreklerinden syzdyryp aýtmaklary konserte baran 8 müňden gowrak watandaşymyz üçin diýseň tolgundyryjy boldy. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary zehinine sarpa goýýan adamlarynyň dilinden eşiden bu habarlaryny uly buýsanç bilen kabul etdiler. Şondan soň olar özleriniň watansöýüjilik duýgularyny we Türkmenistana, Aşgabada bolan söýgilerini uzak wagtlap el çarpmak arkaly ýüze çykardylar. 

Konsertiň dowamynda Nýuşa aýdymlary ýerine ýetiren mahaly sahnadan aşak düşüp, Buzly köşgüň gyrasy bilen özüniň türkmenistanly muşdaklarynyň arasyna bardy. Bu bolsa olarda şatlygyna şatlyk goşdy. Çykyşynyň öňüsyrasy ol “Türkmenportalyň” žurnalistlerine iki sany garaşylmadyk sowgat taýýarlandygyny aýdypdy. Megerem, bu şolaryň ilkinjisidi. Onuň kakasy Wladimir Şuroçkin bilen bilelikde aýdym aýtmagy türkmen tomaşaçysyna taýýarlan ikinji sowgady boldy. Ozal meşhur «Ласковый май» toparynda aýdym aýdan B. Şuroçkin häzirki wagtda zehinli gyzyna prodýuserlik edýär.

Bu agşam Nýuşa türkmen diňleýjisine özüniň iň saýlama çykyşlaryny, soňky iki ýyl bäri Russiýadaky iň islegli aýdymlaryň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýän aýdymlaryny hödürledi. Şol aýdymlar bolsa Nýuşanyň Ýewropa biçüwindäki zehinli hem ýaş aýdymçydygyny bireýýäm dünýä buşlady. 

Aýdymçy gyz Nýuşanyň konserti uly üstünlik bilen tamamlandy. Ol köp sanly muşdaklarynyň haýyşy boýunça aýdymlarynyň birnäçesini sahnada ikilenç ýerine ýetirdi. Ata Watanymyzyň aýdym-saz sahnasynda ussatlygyny görkezen Nýuşanyň konserti uly şowhunly tomaşa hökmünde tomaşaçylaryň uzak wagtlap ýadynda galar.

Konsertden soňra žurnalistler Nýuşa bilen we onuň kakasy wladimir Şuroçkin bilen duşuşdylar we “Türkmenportal” üçin interwýu bermegini haýyş etdiler. Şol interwýu saýtymyzda ýakyn günlerde dykgatyňyza ýetiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň