Soňky habarlar

Arhiw

“Güneşli Zaman” sowgat şahadatnamalaryny çykardy

13:2207.11.2020
0
13851

Köplenç täze öýe ýa-da jaýa göçüp baranyňyzda düýpli arassalamak zerur bolup durýar. Mysal üçin: jaý abatlanandan soň tertiplemek we ş.m.

Muny özüňiz hem edip bilersiňiz ýa-da ýokary hilli arassalamak üçin her dürli gurallary bolan hünärmenlere ýüz tutup bilersiňiz.

“Güneşli Zaman” gozgalmaýan emläk hünärmeni müşderilerine arzanladyş çäreleriniň birnäçesini (bonus) hödürleýär: täze satyn alnan emläkleri tertiplemäge ýardam berýär. Şeýle çäreleriň (bonuslaryň) biri arassalamaga ýardam bermekdir.

Agentlik “Arassa öý” kompaniýasy bilen arassalaýyş hyzmatlaryny bermek barada şertnama baglaşdy. Satyn almak we satmak şertnamasyna gol çekilen dessine, müşderi “Arassa öý” arassalaýyş kompaniýasyndan arzanladyş ýollanmasyny alýar. Arzanladyşyň göterimi aýratynlykda kesgitlenýär.

Ýollanma laýyklykda arassalaýyş kompaniýasy, satyn alnan jaýyň ýa-da edaranyň umumy arassalanmagyny (abatlanylandan soň ýa-da adaty ýagdaýdan soň) amala aşyrar şeýle-de binany göçürmek ýa-da öýe göçmek üçin taýýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň