Soňky habarlar

Arhiw

«Älem», «Şowly», «Milli», «Körpe», «Uçgun», «Teşne» we «Mylaýym» tehnologiýa dünýäsiniň türkmen markalary bolar

23:0302.10.2020
0
49369

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hasabaty bilen baglylykda, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow milletiň Liderine ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, bu ministrlik ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bilelikde dürli döwrebap enjamlarynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça anyk çäreleri görýär.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň elektron önümlerini çykarmaga taýýarlanylýan nusgalarynyň görkezilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýerde ölçegi 65 dýuýmli täze smart telewizorlar, iki simkartly öýjükli telefonlar, smartfonlar (smart telefonlar), döwrebap monobloklaryň dürli görnüşleri we kondisionerler, internet ulgamyny paýlaýjylar—routerler, şeýle hem agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen kullerler görkezildi.

Şolaryň önümçiligini giňden ýola goýmak boýunça işleri bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Bu jemgyýet Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň paýly gatnaşmagynda (49 göterim) döredildi.

Hojalyk jemgyýeti eýýäm dürli görnüşli LED lampalaryň, okuwçylar üçin öwrediji kompýuterleriň we netbuklaryň, ölçegleri 32, 42 we 55 dýuýmli täze smart telewizorlaryň önümçiligini, ýakynda bolsa 65 dýuýmli telewizorlaryň önümçiligini ýola goýdy.

Ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri elektron senagatyna degişli önümleriň aýratynlyklary, olaryň önümçiliginde ulanylýan täzeçil tehnologiýalar barada gürrüň berdi. Hususan-da, täze telewizoryň artykmaçlyklary barada aýdyp, ministr onuň kompýuterlere, aragatnaşyk routerlerine we beýleki degişli enjamlara birikdirmek mümkinçiligine eýedigini we onuň bir dolandyryş enjamy arkaly dolandyrylýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutany bu ýerde görkezilen 65 dýuýmli 4 smart telewizora “Älem”, ýurdumyzda öndürilýän monoblok görnüşli kompýutere bolsa “Şowly” diýlip at dakylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Mundan başga-da, Smart görnüşli telefony “Milli”, öýjükli telefonlaryň iki simkartly kiçi görnüşlisini bolsa “Körpe” diýip atlandyrmak teklip edildi. Şeýle hem milletiň Lideri häzirki döwürde işjeň ulanylýan “Internet ulgamyny paýlaýjy” enjama — routora “Uçgun”, gündelik hojalygyň zerur enjamy bolan agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjama “Teşne”, split görnüşli kondisioneri bolsa “Mylaýym” diýip atlandyrmagy maslahat berdi.

Milletiň Lideri halkymyzyň gündelik durmuşda sarp edýän serişdeleriniň we ulanýan enjamlarynyň üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, şolaryň görnüşlerini artdyrmak we hilini yzygiderli gowulandyrmak meselelerine üns bermegi tabşyrdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň