Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

15:2526.06.2017
0
7037

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň merkezi künjekleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, oňaýly ekologiýa ýagdaýyny saklamak hem-de şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin amatlyklary üpjün etmek, seýilgäh zolaklaryny döretmek we onuň syýahatçylyk özüne çekijiligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň barşynda, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginde ýakynda geçirilen iş maslahatynda berlen tabşyryklaryň we öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişini döwlet Baştutanymyzyň hut özi gözden geçirdi. Häkimlikdäki iş maslahatynda milli Liderimiz gyssagly çözülmegini talap edýän wezipeleri kesgitledi. Hususan-da, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe anyk görkezmeler berildi. Şu gün häkim paýtagtymyzyň Aziada-2017-ä taýýarlanylyşy bilen baglylykda geçirilen işler barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Milli Liderimiz “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň arkasynda ýerleşen täze gök baglyklaryň gurnalyşyny gözden geçirip, Aşgabadyň ajaýyp keşbiniň kemala getirilmegi hem-de sagdyn howa ýagdaýynyň saklanmagy üçin şunuň ýaly bagy-bossanlyklaryň döredilmeginiň wajypdygyny belledi.

Bag-seýilgäh, tebigy gözellik bezegleri, gül-gülzarlyklar babatda usullaryň başarnykly peýdalanylmagy estetiki we ekologiýa şäher gurşawyny döretmek üçin zerur şertlerdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu ugruň paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk özgertmeleriň geriminiň nazara alnyp, bizde ýokary hünär derejesinde ösüşe eýe bolunmalydygyny nygtady.

Aşgabadyň tapawutlanýan belent binagärligi, tertipli we ideg edilen gök baglyklar, owadan gül-gülzarlyklar—bularyň ählisi paýtagtymyzyň gözelligini ýüze çykarýar, biziň oňa bolan ählihalk söýgümizi hem-de umuman, jemgyýetiň medeniýetiniň derejesini äşgär edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şäherde ýokary derejeli düzgün-tertibiň üpjün edilmegi hem yzygiderli talap bolmagynda galýar, şäheriň tutuş durky jemgyýetçilik ulaglaryny hem goşmak bilen, sagat ýaly takyk, dogry, sazlaşykly we üznüksiz işlemelidir.

Şunuň bilen bagşlylykda, döwlet Baştutanymyz birnäçe tabşyryklary, şol sanda ýolagçy awtobuslaryň hereketiniň tertibine gözegçilik etmek we taksi gulluklarynyň işini gowulandyrmak boýunça tabşyryklary berdi.

Soňky wagtda Türkmenistana şäheriň awtoulaglar binýady üçin köp awtomobiller gelip gowuşdy. Awtobuslaryň täze tapgyrynyň getirilmegi dowam edýär. Olaryň bir bölegi eýýäm hemişelik ugurlarda hereket edýär, beýlekileri bolsa täze hem-de meýilleşdirilýän ugurlar boýunça synag gatnawlaryny amala aşyrýar. Aşgabadyň köçelerine Aziada nyşanlary şekillendirilen ulaglar çykdy. Bu bolsa şäheriň ýaşaýjylaryny örän begendirýär, onuň keşbine ýakynlaşyp gelýän uly baýramçylygyň öwüşginlerini çaýýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň meýdanlarynyň artmagy hem-de ilatyň awtomobilleri edinişiniň ýokarlanmagy bilen baglylykda, paýtagtymyzyň örän tiz ösýän ýol ulgamynyň esasy ugurlary barada aýdyp, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri, ýol aýrytlaryny, awtoduralgalary we beýlekileri goşmak bilen degişli düzümleriň sazlaşykly ösdürilmeginiň zerurdygyny belledi.

Ozal habar berlişi ýaly, 23-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin dikuçarda tanyşlyk gezelençlerini guramagy teklip etdi. Uçuş belentlikden olar paýtagtymyzyň ähli gözelligini, onuň hemme gymmatlyklaryny, şol sanda Olimpiýa şäherjigini görüp bilerler, şähergurluşyk özgertmeleriniň möçberlerine baha berip bilerler.

Şunuň bilen baglylykda, şu gün “Oguzkent” myhmanhanasynyň ýokarsyndaky dikuçar meýdançasyndan dikuçarda syýahatçylyk ugurlary boýunça synag uçuşy amala aşyryldy. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Aşgabadyň töwereklerindäki bar bolan köpsanly tebigy gözel ýerleri we taryhy ýadygärlikleri hem goşmak bilen, “howadaky” tanyşlyk gezelençleri üçin dürli ugurlar işlenilip taýýarlanylýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň ekologiýa abadançylygyny saklamagyň wajyp mesele bolup durýandygyny nygtap, bagy-bossanlyga büremek işleriniň depginlerine, şäherde bag nahallaryň, bezeg ösümlikleriniň we beýleki ösümlikleriň ekilişiniň üpjün edilişine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäher hojalygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Aşgabadyň üznüksiz elektrik üpjünçiligini, sarp edijiligiň ýyl-ýyldan köpelýändigi bilen baglylykda, onuň energetika kuwwatlygynyň artdyrylmagyny agzady hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Aşgabatda syýahatçylygy ösdürmek boýunça görkezmeleri berdi, bu ugurlarda, şol sanda daşky serişdeler bolan bannerleriň, telemonitorlaryň kömegi bilen mahabatlandyrmalaryň mümkinçiliklerini has netijeli herekete getirmegiň zerurdygyny belledi.

Şäheriň söwda ulgamlaryny giňeltmek hem-de bu ulgama täze çemeleşmeleri we hyzmatlaryň görnüşlerini ornaşdyrmak meselelerine-de berilýän ünsi peseltmezlik möhümdir, munuň özi ulag gatnawlarynyň ähli görnüşleri boýunça edilýän hyzmatlara-da degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiz Aşgabadyň ulag düzüminiň ösdürilmeginiň ýurduň baş şäheriniň derejesine, onuň halkara derejesinde artýan ornuna, şeýle hem 2017-nji ýylda Aziýanyň sport paýtagty diýen hormatly we jogapkärli wezipä doly laýyk gelmelidigini nygtady. Bu bolsa şäheri abadanlaşdyrmagyň ähli ugurlaryna, onda seýilgäh zolaklarynyň, oňaýly we owadan gurşawyň döredilmegine hem degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň häkimi Ş.Durdylyýewe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, Aziada-2017-ä köpsanly gatnaşyjylary we myhmanlary kabul etmäge paýtagtymyzy taýýarlamak babatda has anyk meýilnamany hem-de okgunly hereketleri talap edýän birnäçe meseleleriň bardygyny görkezdi.

Milli Liderimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň derejesini ýokarlandyrmagyň döwrüň ileri tutulýan wezipesi bolup durýandygyny nygtap, ulanmaga tabşyrylan desgalaryň, şol sanda ýol-ulag desgalarynyň sowatly peýdalanylmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda, Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmegiň, şeýle hem kadaly ekologiýa ýagdaýynyň saklanylmagynyň zerurdygyny belledi.

Paýtagtymyz - biziň milli buýsanjymyz we umumy işimizdir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň diňe bilelikdäki tagallalarymyz bilen mundan beýläk-de gün-günden has-da gözel boljakdygyny belledi. Bularyň ählisi Aşgabadyň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagyny, dünýäniň iň owadan we ýaşamaga oňaýly şäherleriň biri hökmünde onuň ykrar edilmegini şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň ahyrynda aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň