Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

02:4820.06.2017
0
3147

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika  ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, galla oragynyň barşy, şeýle hem öňde boljak döredijilik çäresine — şu ýyl  paýtagtymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligine  görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, welaýat häkimleri ýerlerde işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça geçirilýän çäreler, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça geçirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdiler. 

Milletiň Lideri welaýatda  ýetişdirilen bugdaý hasylyny doly we bellenilen möhletlerde ýygnap almagyň möhümdigini belläp, galla daşalanda ýitgi bolmaz ýaly ähli zerur çäreleri görmek, şeýle hem gowaçalara edilýän ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutany käbir etraplarda galla oragynyň haýal alnyp barylýandygyny aýtdy we bu etraplarda galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, şäheri abadanlaşdyrmak, gurluşyklaryň depginlerini güýçlendirmek bilen bir hatarda, Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti  şol bir wagtyň özünde göni aragatnaşykda geçirilýän maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler,  hususan-da, Aşgabat şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmek, şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri  şäheriň  ähli gulluklarynyň we düzümleriniň sazlaşykly işleriniň möhüm şert bolup durýandygyny belläp, paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ýurdumyzyň baş şäherinde nusgalyk  arassaçylyk we amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamak bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn çemeleşmek babatynda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti däp boýunça ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän  Medeniýet hepdeligine görülýän  taýýarlyk işlerine ünsi çekip, iri möçberli döredijilik çäresiniň hem-de onuň çäklerinde göz öňünde tutulýan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini  üpjün etmegi tabşyrdy we olarda Watanymyzyň häzirki döwürde gazanan ägirt uly üstünlikleriniň hem-de türkmen halkynyň belent döredijilik ruhunyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň