Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahatyna gatnaşyjylary gutlady

05:2116.05.2017
0
8768

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary! 

Gadyrly doganlarymyz!

Sizi Garaşsyz Watanymyzda giňden we dabaraly bellenýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününiň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygynyň öň ýanynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dünýä türkmenleriniň doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjek bu maslahatyň ýokary derejede, guramaçylykly ýagdaýda, örän netijeli geçiriljekdigine, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň bolsa siziň ata Watanymyza bolan beýik söýgiňizi has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Mundan ýigrimi bäş ýyl ozal — 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda mähriban halkymyzyň, şeýle hem dünýä türkmenleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda garaşsyz, özygtyýarly, özbaşdak, erkin ösüş ýoluny saýlap alan Watanymyzyň Esasy Kanuny — Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Garaşsyz Watanymyzyň Esasy Kanuny döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni, hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda, durmuş-ykdysady, hukuk özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen köptaraply gatnaşyklaryň giňeldilmeginde möhüm orny eýeleýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz, Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň we Konstitusiýamyzyň belent maksatlaryndan hem-de ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alyp, mähriban halkymyzyň zähmeti netijesinde Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalary bilen iki gezek ykrar edilen hem-de Konstitusiýamyzda berkidilen oňyn Bitaraplyk ýörelgelerimize berk eýerip, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän hoşniýetlilik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatymyzy gyşarnyksyz alyp bararys.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyz bu gün syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän döwletleriň biri hökmünde ykrar edilip, sagdynlygyň, ruhubelentligiň we dostlugyň ýurduna öwrüldi. 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary sport merkezi hökmünde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň halkara abraýyny, şan-şöhratyny Ýer ýüzüne has-da giňden ýaýar. Eziz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny yzygiderli berkidýän we artdyrýan syýasy, ykdysady, medeni ähmiýetli taryhy wakalar biziň mähriban halkymyzda, şol sanda dünýäniň çar künjünde ýaşaýan eziz doganlarymyzda çäksiz buýsanç duýgularyny döredýär.

Eziz doganlar!

Watansöýüjilik, dostluk, ynsanperwerlik biziň halkymyza gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan özboluşly aýratynlyklardyr. Bu asylly ýörelgämizi mynasyp dowam etdirip, biz milletimizi jebisleşdirmäge, dünýä türkmenleri bilen köpugurly gatnaşyklarymyzy giňeltmäge, ýurdumyzyň halkara syýasy, durmuş-ykdysady, medeni giňişlikdäki ornuny ýokarlandyrmaga döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berýäris. Dünýä türkmenleri bilen doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da giňeldýäris, eziz doganlarymyzyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza erkin gelip-gitmegi, ýurdumyzda işlemegi we okamagy üçin, olara ähli zerur goldawy bereris.

Biziň hoşniýetli bitaraplyk syýasatymyzy, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerimizi dabaralandyrmak, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerini dünýä ýaýmak, ykdysady, medeni, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, telekeçilik we beýleki ugurlar boýunça doganlyk gatnaşyklarymyzy ösdürmek, milli baýlygymyz bolan maddy we ruhy mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek babatynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi uly işleri alyp barýar. Abraýly halkara ynsanperwer guramalaryň birine öwrülen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Beýik Britaniýada, Hytaýda, Germaniýada, Fransiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Hindistanda, Eýranda, Owganystanda, Pakistanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda hereket edýän bölümleriniň adamzadyň döreýiş döwründen tä biziň günlerimize çenli eýýamlary aşyp, heňňamlary hem-de döwürleri geçip gelen gadymy medeniýetimizi, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek, dünýä halklaryny milli medeniýetimiz bilen tanyşdyrmak, şeýle hem dürli medeniýetler bilen halkymyzy tanyşdyrmak ugrundaky alyp barýan işleriniň hem-de edýän tagallalarynyň Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga, milletimizi has-da jebisleşdirmäge ýardam berýändigi aýratyn guwandyrýar.

Watan milletimiziň beýik mukaddesligidir. Kalbymyzyň aýdymy, dillerimiziň senasy bolan eziz Watanymyza hyzmat etmek, dogan-garyndaşlar bilen süýjülikli gatnaşmak, birek-birege sarpa goýmak müňýyllyklardan gözbaş alýan ýörelgelerimizdir. Dünýäniň çar künjünde ýaşaýan doganlarymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky başlangyçlarymyzy hemişe goldajakdyklaryna, Watan mukaddesligini hemişe belende galdyrjakdyklaryna hem-de ähli tagallalaryny beýik maksatlara bagyş etjekdiklerine berk ynanýaryn.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!

Gadyrly doganlarymyz!

Sizi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň şanly wakasy — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende götermek, doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň