Turkmenportal logo
15:24
62316231
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Täze ýyl mawy yşygyna» çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri dirižýor Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Täze ýyl mawy yşygy» atly konsertine çagyrýar. Konsertler 20, 21 we 22‑nji dekabrda «Mukamlar köşgünde» geçiriler.

Baýramçylyk maksatnamasynda ajaýyp sazlar, erteki täsinlikleri we hakyky täze ýylyň jadyly pursatlary görkeziler.

Konsertleriň başlanýan wagty: sagat 19:00.

Biletleri satyn almak boýunça soraglar bilen bildirişde görkezilen telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.