Turkmenportal logo
20:33
8173281732
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergi geçiriler

Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 25-nji maýynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergini geçirýär.


Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.


Serginiň iş wagty:


25-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli.


Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän binasynda geçirilýär.


Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 92-35-10, 92-23-59, 92-04-24.

Salgysy: г. Ашхабад, Чандыбил шаёлы, 143.Telefon belgisi: 92-35-10, 92-23-59, 92-04-24