Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylary 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň soňky oýnunda Tailandyň toparyndan ýeňildi.
D toparçasynyň oýny Bangkok şäheriniň «Rajamangala» stadionynda geçirildi we meýdan eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasaby bilen tamamlandy. Türkmen toparynyň ýarym goragçysy Teýmur Çaryýew 60-njy minutda Tailandyň derwezesine ýeke-täk goly geçirdi.
Tailandyň ýygyndysy (15 utuk) toparçada birinji orny eýeläp, Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşy 12 utuk bilen ikinji orunda tamamlandy.
Soňky tapgyrdan öň türkmen futbolçylary goşmaça görkezijiler boýunça garşydaşyndan öňe geçipdi. Ýaryşyň final tapgyryna çykmak üçin olara deňme-deň oýnamak ýeterlikdi.