Turkmenportal logo
Şu gün 17:44
39743974
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçihanasy Wenada geçirilen Nowruz festiwalyna gatnaşdy

30-njy martda Wenadaky «Grand Hotel Vienna» myhmanhanasynda Nowruz baýramyna bagyşlanan festiwal geçirildi. Bu çäre Nowruz baýramyny belleýän ýurtlaryň ilçihanalary tarapyndan «Diplomatic Society» žurnaly bilen bilelikde guraldy.

Festiwalda Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan ýörite diwarlyk görkezildi. Onda myhmanlara milli tagamlar hödürlenildi. Şol bir wagtda türkmen modasynyň nusgalary hem görkezildi: Awstriýanyň paýtagtynda bilim alýan türkmen talyplary milli lybaslary, şaý-sepleri we türkmen ýüpeginden — keteniden taýýarlanan önümleri dabaraly ýöriş arkaly tanyşdyrdylar.

Festiwalyň çäklerinde Wenada akkreditirlenen türki dilli döwletleriň ilçihanalary öz milli aşhanasyny, däp bolan eşiklerini we halk senetçileriniň önümlerini görkezdiler. Maksatnama halk döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny hem öz içine aldy.

Baýramçylygyň myhmanlarynyň arasynda Neda Bergeriň ýolbaşçylygyndaky Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň dolandyryş geňeşiniň agzalary hem bardy. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň diwarlygy uly gyzyklanma döretdi, festiwalyň ýakymly gurşawy bolsa ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Berger jemgyýetiň adyndan myhmanlary gutlady we çäräni guraýjylara minnetdarlyk bildirdi. Ol bu barada «Turkmenportal» neşirine gürrüň berdi.

Ýeri gelende, festiwalyň gatnaşyjylarynyň we myhmanlarynyň arasynda diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, halkara düzümleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem bardygyny bellemek gerek.