Russiýanyň Merkezi saýlaw toparynyň agzalary gizlin ses berlişigiň barşynda Ella Pamfilowany başlyk saýladylar, bu onuň wezipede üçünji möhleti bolar diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
Habarda Pamfilowa üçin MST-niň 15 agzasynyň biragyzdan ses berendigi bellenýär. Şeýle hem ses berlişigiň jemleri boýunça Nikolaý Bulaýew üçünji möhlete Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlandy. Ol sesleriň 13-sini aldy, hiç kim garşy çykmady.
Ella Pamfilowa RF-niň Merkezi saýlaw toparyna 2016-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär.