Hindistanyň Karnataka ştatynyň Bangalor şäherinden Uttar-Pradeş ştatynyň Waranasi şäherine uçuşy amala aşyrýan «Airbus A321» uçarynyň ýolagçysy heläkçilik gapysyny iki gezek açjak boldy. Uçaryň ekipažyna betbagtçylygyň öňüni almak başartdy.
Uçarda 100-den gowrak adam bardy. 150 metr belentlikde bolan waka sebäpli uçarman gonmak üçin uçuş-gonuş zolagyna ikinji girişi amala aşyrmaga mejbur boldy.
Netijede, uçar Waranasiniň howa menzilinde sag-aman gondy, hiç kim ejir çekmedi, emma ýolagçylar güýçli ruhy sarsgyny başdan geçirdiler. Gonandan soňra ýolagçyny polisiýa gowşurdylar. Soraga çekilende, ol gözüne arwah görnendigini, şonuň üçin howa gämisini terk edesi gelendigini gürrüň berdi.
Ýerli «NDTV» teleýaýlymy häzirki wagtda hukuk goraýjylaryň derňew işlerini geçirýändigini habar berdi. Ýolagçy uçuşa howp döredendigi üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilner diýlip, habarda bellenýär.