2026-njy ýylyň deslapky iki aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 26 million amerikan dollary möçberinde köpeldi.
Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň habar bermegine görä, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 149,5 million amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin, geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 123,5 million amerikan dollaryna barabardy. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurduň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 13-nji ýeri eýeledi.
Hasabat döwründe türkmen harytlarynyň özbek bazaryna eksporty 121,5 million amerikan dollaryna barabar bolup, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 9-njy basgançakdan orun aldy. Ýeri gelende bellesek, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,9 million amerikan dollary möçberinde köpdür.