Hepdäniň duşenbe güni Pekinde Bütindünýä maglumatlar guramasy öz agzalarynyň birinji mejlisini geçirdi, bu onuň resmi taýdan esaslandyrylandygyny aňladýar.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar guramanyň düzgünnamasyna garadylar we kabul etdiler, şeýle hem geňeşiň birinji düzüminiň hem-de synçy geňeşiň agzalaryny saýladylar. Saýlanan geňeş tarapyndan guramanyň ýolbaşçylary saýlanyp, onuň esasy ulgamlary we kadalary tassyklandy. Bu barada «Sinhua» agentligi habar berdi.