Turkmenportal logo
31.03.26
75817581
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Mejlisinde zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan maslahat geçirilýär
Surat: Surat: mejlis.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat öz işine başlady.

Mejlisiň habar bermegine görä, maslahatda oňa gatnaşyjylar gender deňligini ilerletmek ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, jemgyýetçilik we syýasy durmuşda tutýan ornuny berkitmek, olaryň ylymda, bilimde we döredijilik işinde öz zehinlerini doly amala aşyrmaklary üçin döredilýän şertler, maşgala mukaddesliklerini, eneligi we çagalygy goramak, geljekki nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde zenanlaryň eýeleýän möhüm ornuny pugtalandyrmak babatda özara pikir we tejribe alşarlar.