Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.
Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, awtoulag benzinini, Singapuryň telekeçileri bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine bugdaý uny, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, tüýjümek mata, lukmançylyk pamygy, pagta taýajyklary, nah ýüplük ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 269 million 30 müň manada deň bolan polipropileni, binýatlyk ýagy, peç ýangyjyny, gaplaýyş plýonkasyny («Türkmennebit» döwlet konserni), bugdaý ununy satyn aldylar.