ABŞ-nyň Florida ştatynyň ýaşaýjysy agramy 218 kilograma deň bolan äpet balyk awlady diýip, «Fox News» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Balykçy ony tutmak üçin bäş sagat göreşendigini we awuny şäheriň ýaşaýjylaryna paýlandygyny gürrüň berdi.
Äpet gylyç-balygy ol oglunyň mekdebi tamamlamagynyň şanyna kärendesine alan gaýygy bilen deňze çykanda görüpdir. Ol tora düşen balygy gaýyga ýüklemek üçin bäş sagat yhlas edipdr.
Balygyň agramly bölegini ýerli ýaşaýjylara sowgat etmek kararyna gelýär. Netijede, täzeje balyk etinden 50-70 töweregi adam iýipdir, balygy tutanlara bolsa, biraz bölek ýetipdir.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, şeýle uly balyk örän seýrek duş gelýär, şonuň üçin bu waka sebitde özboluşly täzelik hökmünde uly seslenme döredipdir.