Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny ýollady. Prezident Donald Trampyň gutlag hatynda Nowruz baýramynyň Amerikan topragynda bolşy ýaly, bütin dünýäde-de parahatçylygyň dabaralanmagynyň nyşanydygy bellenilýär, şeýle hem şu ýylyň köp sanly asylly işlere baý bolmagy dileg edilýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ähli kategoriýalar