BMG-niň çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bäş ýyllyk ýubileýi bilen gutlady. Ol guramanyň çaga hukuklaryny goramakdaky yzygiderli işlerini belläp, geljekde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny bildirdi.
«Sizi bu ähmiýetli sene bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Taryhy nukdaýnazardan gysga wagtyň içinde gazna yzygiderli öňdebaryjylygy we öňdengörüjiligi görkezip, inklýuziwligiň, mertebäniň hem-de mümkinçilikleriň täsirli goragçysyna öwrüldi» diýip, Ratna aýtdy. Onuň sözlerini «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti getirýär.
Diplomatyň sözlerine görä, ÝUNISEF bilen gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk çagalaryň, ilkinji nobatda bolsa goşmaça alada we goraga mätäç çagalaryň bähbitlerine bolan umumy ygrarlylyga esaslanýan berk hyzmatdaşlykdyr. Ratna bu hyzmatdaşlygyň maksadynyň — her bir çaganyň ýaşamaga, ösmäge we öz ukyplaryny doly amala aşyrmaga bolan mümkinçiligini üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady.
Bu hyzmatdaşlygy ösdürmekde 2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Awazada ÝUNISEF bilen gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň gol çekilmegi möhüm ädim boldy. «Biz bu täze hyzmatdaşlygyň çäklerinde netijeli işleriň amala aşyrylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys» diýip, ÝUNISEF-niň wekili sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle hem Ratna gaznanyň ýubileýi mynasybetli geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda «Arkadag» medaly bilen sylaglandy. Ol bu sylagy Türkmenistanda çagalaryň bähbidi üçin zähmet çekýän ähli hyzmatdaşlaryň adyndan kabul etdi.