Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy esaslandyrylan pursadyndan bäri 2 müň 400-den gowrak çaga kömek berdi. Bu barada Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde geçirilen Gaznanyň müdiriýetiniň mejlisinde habar berdi.
TDH-niň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde 2467 çaga bejergi aldy. Bu ýerde innowasion tehnologiýalar ýerli tebigy serişdeler bilen utgaşykly ulanylýar. Şol döwürde jemi 758 sany operasiýa geçirildi.
Atabaýewa Gaznanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilişi barada hem hasabat berdi. 2025-nji ýylda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasy we Geýdar Alyýew adyndaky gazna bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Mundan başga-da, Monako, Özbegistan, Azerbaýjan, Hytaý, Russiýa we Katar döwletlerine iş saparlary amala aşyryldy.
Geçen ýyl Arkadag şäherinde geçirilen halkara maslahatyň jemleýji resminamasy BMG-niň resmi dillerine terjime edildi we Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde neşir edildi.
Mejlisiň netijeleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri halkara hyzmatdaşlygy artdyrmak we tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna halkara ýaryşlaryň ýeňijilerini sylaglamak, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyny döwrebaplaşdyrmak we «Jahan» döredijilik merkeziniň maddy-tehniki binýadyny berkitmek barada çözgütler kabul edildi.