Turkmenportal logo
Şu gün 12:11
97439743
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanda türkmen-täjik mekdebinde Nowruz baýramy bellenip geçildi

2026-njy ýylyň 26-njy martynda Täjigistanyň Hatlon welaýatyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky 8-nji orta mekdepde Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre we sergi geçirildi.

Dabaraly çäräni Täjigistandaky türkmen medeniýet jemgyýeti, Täjigistanyň dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýeti hem-de Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy gurnady. Dabara ýerli häkimiýetleriň wekilleri, mugallymlar, žurnalistler we mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Ilçihana bilen bilelikde taýýarlanan sergide türkmen milli bezegleriniň nusgalary, el işleri, halylar, milli nagyşlar hem-de ahalteke bedewleriniň suratlary görkezildi. Dabaranyň dowamynda mekdep okuwçylary aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.

Çärede çykyş edenler Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň türkmen-täjik medeni hyzmatdaşlygynyň nyşany hökmünde ýokary ähmiýetini bellediler we şeýle çäreleriň iki ýurduň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini nygtadylar.