Turkmenportal logo
Şu gün 01:16
36013601
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýaly lukmanlar Türkmenistanda saparynda bolýarlar

Şu günler Halkara saglyk merkezler müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde, Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda, Onkologiýa merkezinde we Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde daşary ýurtlaryň belli klinikalarynyň professor lukmanlarynyň iş saparynda bolup, tejribe alyşmaklary oňyn netijelere beslenýär. Hususan-da, Germaniýanyň Lýudwig-Maksimilian uniwersitetiniň hirurg lukmany Fris Şpelsberg, Mýunhen şäher hassahanasynyň lukmany Süzana Şpelsberg hem-de Germaniýanyň kardiohirurg lukmany professor Mihail Weyeng dagy bilelikdäki hyzmatdaşlykda iş alyp barýarlar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Lukmanlar iş saparynyň çäginde türkmen kärdeşleri bilen bilelikde tejribe alyşýarlar hem-de birnäçe çylşyrymly operasiýalary amala aşyrýarlar. Ýeri gelende bellesek, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleri esasynda ýurduň welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde ýaşaýan saglygyny dikeltmek üçin kömege mätäç çagalaryň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeltmek boýunça geçirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda şu günler bu ýerde Balkan welaýatynyň dikeldiş bejergilerine mätäç çagalar topary nobatdaky meýilnamalaýyn dikeldiş bejergilerini alýarlar. Şol bir wagtda-da Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde ýatymlaýyn bejergilerini dowam edýärler.