Turkmenportal logo
Düýn 23:44
14301430
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gutlag hatynda W.Putin, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dostlukly halklaryň bähbidine, şeýle hem Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň hatyrasyna mundan beýläk-de ähli ulgamlarda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Russiýanyň Prezidenti bu nurana baýram gününde Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk hem-de üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.