Turkmenportal logo
Şu gün 10:58
43514351
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Oleg Kononenko Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine bellendi
Surat: interfax.ru

Russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň ýolbaşçylygyna bellendi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň «Roskosmos» döwlet edarasynyň baş direktory Dmitriý Bakanowa salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.

Kononenko täze wezipede işlejek döwri öz öňünde bellän esasy maksatlary barada aýtdy, olaryň arasynda kosmonawtlary Halkara kosmos bekedine uçuşa taýýarlamak, şeýle hem edarany Russiýanyň täze orbital merkeziniň çäklerinde işlemek üçin üýtgedip guramak bar.

Oleg Kononenko älemi özleşdirmegiň dünýä taryhyna giren özboluşly kosmonawtdyr. 2024-nji ýylyň sentýabrynda ol 1110 gün 14 sagat we 57 minut görkeziji bilen adamyň älemde uzak wagt bolmagy boýunça rekord goýdy. Bäş gezek kosmos uçuşlaryny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko 1964-nji ýylda ýurdumyzyň Çärjew şäherinde (häzirki Türkmenabat) doguldy. 1988-nji ýylda Harkow awiasiýa institutyny uçar hereketlendirijisi hünäri boýunça tamamlady.