Turkmenportal logo
Şu gün 16:57
52505250
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Innowasion ösüşde sanly ulgamyň orny barada pikir alyşyldy

Golaýda «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň guramagynda «Innowasion ösüş — sanly ulgamyň täze eýýamy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatyň ugurdaş düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda «Marytelekomyň» wekili internet hyzmatlarynyň hilini we sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňeltmek babatda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. «Türkmentelekom» EAK tarapyndan hödürlenýän «Belet Film» we «Älem TV» ýaly platformalaryň artykmaçlyklary, olaryň onlaýn töleg ulgamlary bilen utgaşdyrylyşy we müşderiler üçin niýetlenen nyrhnamalar barada giňişleýin maglumat berildi.

Türkmen döwlet energetika institutynyň wekilleri maslahatyň dowamynda emeli aňyň häzirki zaman bilim ulgamyna integrasiýasyny tanyşdyrdylar. Talyplaryň bilim derejesini we özleşdiriş tizligini seljerip, olar üçin awtomatiki usulda şahsylaşdyrylan okuw meýilnamalaryny döredýän adaptiw sanly ulgamlaryň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, bilim bermegiň bu innowasion usuly talyplaryň ukyplaryna görä okuw prosesini optimizirlemäge we bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem TDEI tarapyndan hödürlenen beýleki ylmy taslamalar, hususan-da, adamyň ädimlerinden 100 wolta çenli elektrik energiýasyny öndürýän we ony batareýalarda ýygnap, durmuşda ulanmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalar uly gyzyklanma döretdi. Mundan başga-da, Gün energiýasy we emeli aň arkaly dolandyrylyp, suw ýüzündäki plastik zyňyndylary toplaýan «akylly» gämileriň ylmy esaslary bilen tanyşdyryldy.

Maslahatyň çäklerinde «Röwşen gelejek» okuw merkeziniň wekili hem robot programmirleme ugrundaky çykyşy bilen ýaşlaryň tehnologik başarnyklaryny ösdürmegiň wajyplygyna ünsi çekdi. Çykyşda robotlaryň gurluşy, olaryň dolandyrylmagynda ulanylýan programma üpjünçiligi we geljekde robot tehnikasynyň dürli pudaklarda eýelejek orny barada täsirli gürrüň berildi.

Ylmy-amaly maslahatda beýan edilen pikirler we hödürlenen sanly çözgütler Türkmenistanyň diňe bir tehnologiki taýdan däl, eýsem, ruhy we ykdysady taýdan hem ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezdi.