Russiýany we Türkmenistany dostlugyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň berk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda aýdylýar. Gutlag hatynyň teksti TDH-niň saýtynda çap edildi.
«Russiýany we Türkmenistany dostluk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin hökümetara dialogy işjeňleşdirmäge taýýardygymyzy tassyklaýaryn» diýlip, gutlagda bellenilýär.
M.Mişustin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Oraza baýramy we Nowruz baýramy mynasybetli gutlady. Şeýle-de gutlagda bu ajaýyp baýramlar tebigatyň täzelenişini alamatlandyryp, adamlara özara düşünişmegiň, hoşniýetliligiň möhümdigini ýatladýandygy nygtalýar.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Başlygy öz gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw etdi.