Turkmenportal logo
Düýn 17:24
93909390
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Bakuwda geçiriljek WUF 13 forumyna gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda Bakuwda geçiriljek 13-nji Bütindünýä şäherler forumyna (WUF 13) gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi «Report» azerbaýjan saýtyna beren interwýusynda mälim etdi.

Ilçiniň bellemegine görä, 2026-njy ýylda Bakuwda geçiriljek 13-nji Bütindünýä şäherler forumy (World Urban Forum – WUF 13) durnukly şäher ösüşi boýunça global gün tertibini öňe sürmekde hem-de häzirki zaman şäherleşmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm tapgyr bolar.

«Türkmenistan bu foruma ýokary derejede gatnaşmagy meýilleşdirýär. Türkmenistanda ýaşaýyş jaý gurluşygy, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy meselelerine ileri tutulýan üns berilýär. Şäher gurluşyk boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugruny amatly, döwrebap we howpsuz şäher gurşawyny döretmek düzýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde ýurduň paýtagty Aşgabat, şeýle hem Arkadag şäheri görkezilip bilner, olar şäher infrastrukturasynyň meýilleşdirilmegine toplumlaýyn çemeleşmäni we depginli ösüşi görkezýär» diýip, ilçi belledi.

Şeýle-de interwýuda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň nebit we gaz baýlyklaryna eýe iri energetika döwletleri hasaplanýandyklaryna garamazdan, «ýaşyl» energiýanyň ösdürilmegine artýan gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biriniň Gün we ýel energetikasy boýunça bilelikdäki taslamalaryň ösdürilmegi bolup biljekdigi nygtaldy.

Ilçiniň aýtmagyna görä, «ýaşyl» elektrik energiýasyny geçirmek we eksport etmek üçin bilelikdäki infrastruktura döretmek möhüm ugur bolup biler. Bu Hazar deňziniň düýbünden kabelli liniýalaryň gurulmagyny, energetika ulgamlarynyň integrasiýasyny hem-de elektrik energiýasyny Ýewropa ugruna eksport etmek boýunça sebit taslamalaryna gatnaşmagy öz içine alyp biler.

Şeýle hem interwýunyň dowamynda şu ýylda Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.